Aşgabatda Bütindünýä gümrük guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi

  • 26.09.2023 22:14
  • 5k+

Şu gün, 26-njy sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Aşgabada sapar bilen gelen Bütindünýä gümrük guramasynyň Baş sekretary Kunio Mikuriýanyň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibi we mundan beýläk amala aşyryljak hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar.
R.Meredow Bütindünýä gümrük guramasy bilen hyzmatdaşlygyň gümrük işini kämilleşdirmek, harytlaryň serhetara hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de sebitleýin we halkara söwdany ösdürmek nukdaýnazaryndan Türkmenistan üçin hyzmatdaşlygyň möhüm ugrudygyny belledi. Türkmenistanyň ulag infrastrukturasynyň ösmegine, şeýle hem ýurduň ulag-logistika mümkinçiliklerine uly ähmiýet berýändigi bellendi.
Taraplar Bütindünýä gümrük guramasy tarapyndan guralýan halkara we sebit duşuşyklaryň, maslahatlaryň we geňeşmeleriň çäginde üstünlikli özara gatnaşyklar barada bellediler. Halkara gümrük işleri bilen baglanyşykly hukuk binýadyny giňeltmek we berkitmek üçin hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň ähmiýeti hem nygtaldy.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......