BMGÖM Türkmenistana 4D wizuallaşdyrma mümkinçiligi bolan 20 sany USB enjamlaryny berdi

  • 26.09.2023 12:47
  • 13k+

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň wekilhanasy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine 4D wizuallaşdyrma mümkinçiligi bolan 20 sany ultrases barlaglary (USB) üçin enjamlary berdi. Ol Bütindünýä banky tarapyndan maliýeleşdirilýän “Türkmenistanda COVID-19-a jogap” taslamasynyň çäklerinde geçirildi diýip, ORIENT habar berýär.

Umuman, 790 müň dollardan gowrak bahaly enjamlar we sarp ediş materiallary berildi. Enjamlar kämilleşdirilen funksionala eýe bolup, hakyky wagtda 4D wizuallaşdyrma mümkinçiligi bolan esasy aýratynlygyndan başga-da, dopplerografiýa geçirmek, dokumanyň häsiýetini awtomatik kesgitlemek we şekili ýokary hilli bermek mümkinçilikleri bilen häsiýetlendirilýär diýip, BMGÖM-iň metbugat gullugy habar berýär.
Täze USB enjamlary içerki organlaryň, damar keselleriniň, adamyň reproduktiw funksiýasynyň keselleriniň diagnostikasyny, göwreliligiň we düwünçegiň ösüşiniň diagnostikasyny ep-esli gowulandyrar.
Bellenilişi ýaly, enjamlar ulanylyş üçin paýtagt we welaýat hassahanalaryna eýýäm gowşuryldy, guramanyň özi bolsa Türkmenistanyň milli saglygy goraýyş ulgamyna mundan beýläk-de goldaw bermegi we hödürlenýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak üçin ýurduň lukmançylyk edaralarynyň diagnostika potensialyny güýçlendirmegi meýilleşdirýär.


09.06.2026 23:14
5.8k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.1k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....