Serdar Berdimuhamedow: ilat ýazuwynyň jemleri boýunça geljekki meýilnamalara takyklamalar giriziler

  • 24.09.2023 16:38
  • 28k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisindäki eden çykyşynda ilat ýazuwynyň jemlerinden ugur alyp, geljek ýyllardaky meýilnamalara takyklamalar girizilse, maksadalaýyk boljakdygyny hasaplaýar.

«Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl sanly tehnologiýalar arkaly ýurdumyzyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy geçirildi. Halkara standartlaryna doly laýyklykda ýerine ýetirilen bu işe Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň bilermenleri ýokary baha berdiler» – diýip, döwlet Baştutany belledi.

Serdar Berdimuhamedowyň aýdyşy ýaly, Ilat ýazuwynyň netijeleri boýunça 2022-nji ýylyň 17-nji dekabryndaky ýagdaýa görä, ýurdumyzyň ilaty 7 million 57 müň 841 adam boldy.

«Şunuň bilen baglylykda, biziň öňümizde täze wezipeler ýüze çykýar. Ilat ýazuwynyň jemlerinden ugur alyp, geljek ýyllardaky meýilnamalarymyza degişli seljermeler geçirilip, takyklamalar girizilse, maksadalaýyk bolar diýip hasaplaýaryn» – diýip, Prezident nygtady.


düýn 16:30
557

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
719

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......