2023-nji ýylda Türkmenistanda jemi 37 milliard manatdan gowrak möçberde maýa goýumlaryny goýmak göz öňünde tutulýar

  • 24.09.2023 16:23
  • 16k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisindäki eden çykyşynda şu ýyl ýurdumyzda jemi 37 milliard 400 million manat möçberde maýa goýumlaryny goýmak göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.

«Şu ýyl önümçilik we medeni-durmuş ulgamlaryna jemi 37 milliard 400 million manat möçberde maýa goýumlaryny goýmak göz öňünde tutulýar. Bu serişdeleriň hasabyna täze önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalary gurýarys hem-de döwrebaplaşdyrýarys. Şäherlerimizi we obalarymyzy özgerdip, ýaşaýyş jaý toplumlaryny giň gerim bilen bina edýäris» – diýip, döwlet Baştutany belledi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň nygtaýşy ýaly, döwrebap kärhanalarda öndürilýän, dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyply önümlerimiziň möçberleri hem-de görnüşleri artýar. Bu bolsa, depginli ösýän döwletimiziň dünýäniň ykdysady, senagat, maýa goýum, ylmy-tehniki we tehnologik giňişligine ynamly aralaşýandygyny görkezýär.

«Biziň ýokary tehnologiýalara esaslanýan we bäsleşige ukyply önümleri öndürmäge, şeýle hem sebitlerimiziň ykdysady we durmuş ulgamlaryny döretmäge gönükdirilen giň gerimli sebit we milli maýa goýum taslamalarymyz bar» – diýip, döwlet Baştutany aýtdy.


şu gün 07:51
142

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.1k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 17:10
1.4k+

SpaceX paýnama bahasynyň peselmeginden soň ilkinji gezek $20 milliardlyk obligasiýalary ýerleşdirer

SpaceX kompaniýasy öz taryhynda ilkinji gezek, takmynan, 20 milliard dollar möçberinde maýa goýum obligasiýalaryny ýerleşdirmegi meýilleşdirýär. Bu barada «Bloomberg» agentligi habar berýär....

düýn 16:45
855

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......