Türkmen halkynyň Milli Lideri ýaşlarymyzyň alyp barýan işlerine ýokary baha berdi

  • 24.09.2023 13:47
  • 9.4k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlarymyzyň alyp barýan işlerine ýokary baha berdi.

Bu barada Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda aýtdy.

«Ýaşlar baradaky döwlet syýasatymyz ýaş raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, döwlet kepilliklerini üpjün etmäge we olary goldamaga gönükdirilen durmuş-ykdysady, syýasy, medeni, guramaçylyk hem-de hukuk çäreleriniň ulgamyny öz içine alýar» – diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Garaşsyz Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara uly ynam bildirilip, şu ýyl «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyryldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň sözlerine görä, ýaşlaryň ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklary, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly nesiller bolup kemala gelmekleri döwlet derejesinde hemişe aýratyn ähmiýet berilýän sorag bolmagynda galýar.

«Bu barada Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň borçlary barada geçiren umumy sapagymda hem giňişleýin durup geçdim. Adamzat taryhynyň bütin dowamynda türkmenleriň döwleti emele getirmekde we dolandyrmakda, adalatly jemgyýeti gurmakda toplan baý tejribesi hakynda gürrüň etdim» – diýip, Gahryman Arkadagymyz ýatlady.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň aýratyn belleýşi ýaly, Watanymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegi bolan ýaşlarymyzyň alyp barýan işlerine ýokary baha berýärin. Sebäbi, ýaşlar halkymyzyň daýanjydyr!


şu gün 07:42
684

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......