Kappadokiýada Türkmenistanyň Baýdagy äpet howa şarynda parlady

  • 23.09.2023 11:00
  • 29k+

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli Türkiýäniň iň gözel sebitleriniň biri bolan Kappadokiýada asmana uçurylmagy däbe öwrülen äpet howa şarynda Türkmenistanyň Baýdagy parlady diýip, ORIENT habar berýär.

Uçurylan howa şarynyň ýüzüne: "Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen! Türkmen-türk dost-doganlygy güllesin!" diýen ýazgy ýazylypdyr. Bu gözel pursatlar "Türkmenfilm" birleşiginiň Magtymguly Pyragy barada düşürýän dokumental filmine hem giriziler. Filmiň Türkiýede düşürilýän bölegini kinorežissýor Hekim Alowowyň ýolbaşçylygyndaky döredijilik topary düşürýär. Döredijilik topary Türkiýede Magtymgulynyň ömri we döredijiligi baradaky maglumatlary özünde jemleýän materiallary we Kappadokiýada Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramynyň bellenişini wideoşekillere geçirýär.
Magtymguly barada film surata düşürýän başga bir döredijilik topary Eýranda degişli işleri alyp barýar. Olar goňşy ýurduň Gülüstan sebitiniň Aktokaý obasynda birnäçe wideoşekili ýazga geçirdiler. Mälim bolşy ýaly, bu ýerde iki sany türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň we onuň kakasy Döwletmämmet Azadynyň aramgähi ýerleşýär.


şu gün 07:51
124

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.1k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
855

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......