Parahat-7 we Çoganly ýaşaýyş toplumlarynda täze ýaşaýyş jaýlary açyldy

  • 23.09.2023 10:36
  • 14k+

22-nji sentýabrda ýurt Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda şanly senä bagyşlanyp, Aşgabadyň «Parahat — 7» we Bagtyýarlyk etrabynyň «Çoganly» ýaşaýyş toplumynda täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralary geçirildi.

Aşgabadyň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda ähli amatlyklar bilen üpjün edilen 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň birbada 10-sy açylyp ulanmaga berildi.
6 sany ýaşaýyş jaýynyň her biri 54 öýden, 4 ýaşaýyş jaýynyň hem her biri 36 öýden ybarat bolup, olar häzirki zaman şähergurluşyk ýörelgelerine laýyk gelýän giň, ýagty otagly, iň täze hojalyk tehnikalary we beýleki amatlyklar bilen üpjün edilip, ýokary hilli enjamlaşdyrylan aşhanadyr beýleki otaglar amatly durmuş gurşawyny döredýär. 
Bagtyýarlyk etrabynyň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň 24-siniň açylyş dabarasy boldy.
Ýurdumyzda köp gatly ýaşaýyş jaýlary bilen bir hatarda, ähli amatlyklary özünde jemleýän kottej jaýlarynyň gurulýandygy bellärliklidir. Munuň özi halkymyzyň isleglerine we döwrüň talabyna laýyk gelýän amatly ýaşaýyş jaýlaryny edinmäge bolan mümkinçilikleri has-da artdyrýar. Iki gatly kottej jaýlarynyň her biri 5 otagdan ybaratdyr. Ýurdumyzda gurulýan täze ýaşaýyş jaýlarynyň ählisinde bolşy ýaly, olarda hem ýokary derejeli amatlyklar esasy şert hökmünde göz öňünde tutuldy.


şu gün 16:30
252

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

şu gün 12:20
533

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.6k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......