Wladimir Putin telefon arkaly Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady

  • 22.09.2023 17:11
  • 14k+

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin telefon arkaly bolan söhbetdeşliginde Prezident Serdar Berdimuhamedowy 42 ýaş toýy bilen gutlady.

Russiýanyň Prezidenti türkmen kärdeşine berk jan saglyk, abadançylyk we döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi. Wladimir Putiniň nygtamagyna görä, Russiýada Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýurtlaryň arasynda däp bolan netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen tagallalaryna ýokary baha berilýär.
Mähirli gutlaglar we dostluk gatnaşyklary üçin minnetdarlyk bildiren Prezident Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesine kanagatlanma bildirdi.
Kremliň resmi saýtynyň habar bermegine görä, telefon söhbetdeşliginde çuň strategik hyzmatdaşlyk häsiýetli rus-türkmen gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn esasda mundan beýläk-de ösdürmäge özara ygrarlylyk tassyklanyldy.


11.06.2026 22:20
6.1k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.2k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

11.06.2026 07:42
1.7k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....