Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

  • 22.09.2023 16:52
  • 36k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady. Bu barada TDH agentligi habar berýär.

«Sizi doglan günüňiz mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn. Siziň berkarar Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, mähriban halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwrebap özgertmeleriňiziň, parahatçylyk, dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyňyzyň, döretmek we gurmak başlangyçlaryňyzyň elmydama rowaçlyklara, üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin» - diýlip, Gutlagda aýdylýar.
«Biz beýik işlerimizi Watanymyza bolan söýgimiz bilen amala aşyrýarys. Gaýratly zähmetimiz bilen Watanymyzyň beýikligini has-da şöhratlandyrýarys» diýip bellemegiňiz halkymyzda aýdyň geljege beýik ynam döredýär. Oguz han atamyzyň wesýetlerine eýerip, hormatly Prezidentimiz, Siziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly ýörelgäňizden ugur alyp, agzybirlik bilen Garaşsyzlyk ýyllarynda uly zähmet üstünliklerini gazanýan, seneleri şanly wakalara beslenýän merdana halkymyz bagtyýar geljege tarap ynamly gadam urýar» - diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.


şu gün 07:42
684

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......