Awgust aýynda ÝB-de satylan täze awtoulaglaryň 20%-den gowragy elektrik awtoulaglary boldy

  • 22.09.2023 14:27
  • 5k+

Awgust aýynda ÝB ýurtlarynda 165 165 elektromobil satyldy. Ýewropanyň awtomobil öndürijileriniň assosiasiýasynyň (ACEA) maglumatlaryna görä, bu geçen ýylyň awgust aýy bilen deňeşdirilende, 118,1% köpdür. Ilkinji gezek ÝB-de satylan awtomobilleriň umumy sanynda elektromobilleriň paýy 20%-den geçdi diýip, kommersant.ru belleýär.

ACEA-nyň belleýşi ýaly, Maltadan daşary ÝB-niň ähli bazarlary elektromobil satuwynda ýyllyk hasabynda iki we üç belgili ösüşi görkezdi. Iň uly ösüş Belgiýada hasaba alyndy – 224,5%. Ýewropanyň iň uly bazary bolan Germaniýada elektromobil satuwy 170,7% ýokarlandy. ACEA-nyň maglumatlaryna görä, ýylyň başyndan bäri ÝB ýurtlarynda tas 1 mln elektromobil satyldy.
Awgust aýynda, umuman, awtomobil satuwy hem ýokarlandy. Geçen aý 787,6 müň awtomobil satyldy, bu bolsa 2022-nji ýylyň awgust aýyna garanyňda 21% köpdür. Hünärmenler, aýratynam, awgust aýynyň awtomobil satuwy üçin ýylyň iň gowşak aýlarynyň biridigini göz öňünde tutup, bu görkezijini örän ýokary diýip hasaplaýarlar.
ACEA awgust aýynyň awtomobil satuwynyň ösüşi boýunça yzygiderli 13-nji aýdygyny belleýär. Uly bazarlaryň arasynda bu döwürde satuw Germaniýada (+37,3%), Fransiýada (+24,3%) we Italiýada (+11,9%) işjeň ýokarlandy. Volkswagen Group awtomobil öndürijisiniň satuwy 21,2% ýokarlandy, kompaniýa 209,5 müň awtomobil satyp, 26,6% bazar paýyny saklady. Ikinji uly öndüriji Stellantis-iň satuwy 6,4%, Renault Group-yňky 22,3% ýokarlandy.


düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....