Geologlara seýrek gülgüne almazlaryň gelip çykyşyny kesgitlemek başartdy

  • 21.09.2023 22:48
  • 15k+

Awstraliýadan, Hytaýdan we Beýik Britaniýadan geologlaryň toparyna seýrek gymmat bahaly daşlaryň – Awstraliýanyň gülgüne almazlarynyň gelip çykyşyny anyklamak başartdy. Olar Argaýl käninde (Günbatar Awstraliýa) gazylyp alyndy. Gözlegçileriň arasynda Awstraliýanyň Pert şäherindäki Kertin uniwersitetiniň ylmy işgäri Hýugo Oliruk bar. Işiň netijeleri Nature Communications saýtynda neşir edildi diýip, rbc.ru belleýär.

Almazlaryň emele gelmegi üçin Ýeriň astyndaky uglerod gerek, olara gülgüne reňk bermek üçin bolsa tektoniki plitalar çaknyşanda ýüze çykýan güýçleriň täsiri gerek. Täze gözlegde gülgüne almazlaryň ýeriň üstünde döremegi üçin zerur bolan üçünji “komponent” tapyldy. Görnüşi ýaly, bu ýüzlerçe million ýyl mundan ozal superkontinentiň bölünen wagty emele gelen materiklerdir.
Hýugo Olirukyň aýtmagyna görä, gury ýeriň “uzalan” wagty ýer gabygynda ýaryklar emele gelipdir. Almazlary saklaýan magma olaryň arasyndan ýeriň üstüne çykan bolmaly.

“Biz Rio Tinto kompaniýasy tarapyndan görkezilen dag jynslarynda adam saçyndan hem inçe bolan lazer şöhlelelerini ulandyk we Argaýlyň ýaşynyň 1,3 mlrd ýyldygyny anykladyk, bu öň hasap edilenden 100 mln ýyl uludyr. Ýagny, onuň gadymy superkontinentiň bölünmegi netijesinde emele gelen bolmagy ähtimaldyr” – diýip, Oliruk düşündirdi.

Kän Kimberli sebitiniň we galan demirgazyk Awstraliýanyň çaknyşmasynyň bolup geçen ýerinde ýerleşýär. Şeýle çaknyşma sebäpli ýerde hiç haçan ýitmejek zyýan ýeten ýer ýa-da “çapyk” emele geldi.
Oliruk gözlegiň amaly potensialynyň bardygyny belleýär. Indi alymlar gülgüne almazlary döretmek üçin zerur bolan üç “ingredientiň” hemmesini bilýärler. Diýmek, Argaýla meňzeş bolan ýataklary tapmak ähtimallygy ýokarlanýar.
Argaýlda dünýädäki ähli gülgüne almazlaryň, takmynan, 90%-i alyndy. 2020-nji ýylda kän 37 ýyl ulanylyşdan we 865 million karatdan gowrak gaýtadan işlenmedik almazlaryň gazylyp alynmagyndan soň ýapyldy. Käniň eýesi Rio Tinto kompaniýasy şahtanyň çuňlaşmagy bilen çykdajylaryň ýokarlanmagy, almazlaryň kesgitlenen bahasy we karat üçin ortaça pes bahalar sebäpli şeýle karara geldi.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.7k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.6k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....