Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi dowam edýär

  • 21.09.2023 10:00
  • 12k+

20-nji sentýabrda Aşgabatda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli açylan Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi 21-nji sentýabrda hem öz işini dowam eder. Sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýär.

Köpugurly gözden geçiriliş giň sergi zallarynda ýaýbaňlandyryldy. Döwrebap mahabat enjamlary bilen üpjün edilen ýöriteleşdirilen bölümler pudaklaryň üstünliklerini, bäsdeşlige ukyply we isleg bildirilýän önümleriň giň görnüşlerini, hyzmatlar ulgamynda täzeliklerdir teklipleri tanyşdyrmak üçin netijeli meýdança öwrüldi.
Sergi meýdançasynda ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, adamlaryň zähmet çekmegi we dynç almagy üçin mynasyp şertleriň döredilmegine gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň goşýan goşantlarydyr mümkinçilikleri giňden şöhlelendirilýär. Bu ýerde ýokary tehnologiýaly enjamlar, häzirki zaman gurluşyk we timarlaýyş serişdeleri, kompýuter, kommunikasiýa mümkinçilikleri, azyk senagatynda ýetilen sepgitler, ekologik meseleleriň çözgüdini tapmakda gazanylan üstünlikler, sport we syýahatçylyk ulgamynyň ösüşi, ýurdumyzyň ylmy, işgärler, medeni kuwwatlyklary görkezilýär.
Forumyň ahyrynda oňa gatnaşyjylara degişli diplomlar we şahadatnamalar gowşurylar.


şu gün 12:20
287

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.4k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

11.06.2026 07:42
1.8k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......