Wise-premýer B.Atdaýew Lebap welaýatynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

  • 19.09.2023 10:15
  • 17k+

18-nji sentýabrda wise-premýer B.Atdaýew özüniň gözegçilik edýän Lebap welaýatynda iş saparynda boldy. Wise-premýer gündogar sebite guran iş saparynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýuna taýýarlygyň derejesi, bu ýerde dürli ulgamlarda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Wise-premýer welaýatyň dürli künjeklerinde, şol sanda Türkmenabat şäherinde gözegçilik edýän düzümlerine degişli desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy, dokma senagatynyň edaralarynyň iş depginleri, köpugurly bazarlaryň hem-de söwda merkezleriniň halkymyza hödürleýän hyzmatlary bilen tanyşdy.
Wise-premýer iş saparynyň dowamynda Lebap welaýatynda, aýratyn-da, Türkmenabat şäherinde şanly Garaşsyzlygymyzyň baýramçylygyny mynasyp derejede garşylamak ugrunda amala aşyrylýan işler, welaýatyň merkezi şäheriniň arassaçylyk we abadanlaşdyryş derejesi bilen aýratyn gyzyklandy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew bu ýerde welaýatyň we etraplaryň häkimlikleriniň ýolbaşçylarynyň, hünärmenleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlary we şanly baýramçylygy mynasyp garşylamak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Wise-premýer möhüm wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini nygtady. Kesgitlenen wezipeleriň degişli derejede durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşine goşantdyr.
Wise-premýer bu ugurda ýerine ýetirilýän işleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmagynyň wajypdygyny belläp, Lebap welaýatyna guran iş saparynyň jemlerine bagyşlanan iş maslahatyny tamamlady.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.3k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......