Wise-premýer N.Amannepesow Aşgabat şäherine iş saparyny amala aşyrdy

  • 19.09.2023 10:10
  • 8.1k+

Wise-premýer N.Amannepesow Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça, Halk Maslahatynyň Başlygynyň göreldesine eýerip, Aşgabat şäherine iş saparyny amala aşyrdy.

Saparyň barşynda ol gözegçilik edýän düzümleriniň paýtagtymyzda alyp barýan işleri we Aşgabat şäheriniň arassaçylyk, abadanlaşdyryş derejesi bilen tanyşdy. Wise-premýer saparyň jemleri boýunça iş maslahatyny geçirdi.
Iş saparynyň çäklerinde wise-premýer Aşgabat şäherinde gurluşygy dowam edýän Halkara pediatriýa merkezinde, Halkara onkologiýa merkezinde, Halkara stomatologiýa merkezinde, Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezinde, Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezinde alnyp barylýan işleriň depgini bilen tanyşdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary paýtagtymyzda ýakynda geçiriljek Kuraş boýunça dünýä çempionatyna görülýän taýýarlyk işleri bilen hem tanyşdy. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine baryp, bu ýerdäki ähli sport desgalarynyň ýokary taýýarlyk derejesinde bolmalydygyny belledi. Şeýle-de wise-premýer bilim ojaklarynda berilýän bilimiň derejesi, olarda daşary ýurt dillerini netijeli öwrenmek ugrunda döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy.
Wise-premýer “Arçman” şypahanasynda degişli binalaryň durkuny täzelemek hem-de häzirki zaman bejeriş ulgamyna degişli binalary gurmak boýunça alnyp barylýan işler bilen hem tanyş boldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow paýtagtymyz boýunça guran iş saparynyň jemini jemläp, şäher häkimliginde Aşgabat şäheriniň we etraplarynyň häkimleriniň, şähere degişli ähli düzümleriň degişli ýolbaşçylarynyň, hünärmenleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda iş saparynyň netijeleri, hususan-da, paýtagtymyzdaky lukmançylyk edaralarynyň gurluşygynyň depgini, öňde boljak dünýä ýaryşlaryna taýýarlygyň derejesi we milli bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň durmuşa geçirilişi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


düýn 16:30
543

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
705

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......