Ýaponiýa ýaşy 100-den geçen ilatynyň sany boýunça rekord goýdy

  • 18.09.2023 14:22
  • 23k+

Ýaponiýada ýaşy 100-den geçen adamlaryň sany 92 müňden gowrakdyr. Olaryň 88,5%-i zenanlardyr. Russiýada 2020-nji ýylyň başynda uzak ýaşly 22,6 müň adam hasaba alyndy, dünýäde 2019-njy ýylda 100 ýaşdan geçen adamlaryň sany 533 müňdi.

Ýaponiýada 100 ýaşdan geçen ýaşaýjylaryň sany ilkinji gezek 92 müň adama ýetdi - bu soňky 53 ýylyň içinde rekord görkeziji. Bu barada TASS Ýaponiýanyň Saglygy goraýyş, zähmet we abadançylyk ministrligine salgylanyp habar berdi.
Uzak ýaşly ýaponlaryň 88,5%-i zenanlardyr. Ýurtda 100 ýaşdan agan 10,5 müň sany erkek adam bar. Maglumatlar 18-nji sentýabrda ýetip gelýän ýaşululary hormatlamak gününiň şanyna çap edildi.
2023-nji ýylda 47107 ýapon raýaty ýüz ýaş toýuny bellär. Olar döwletden gutlag hatlaryny we ýadygärlik sowgatlary alarlar. Ýurduň iň garry zenany - osakaly 116 ýaşly Fusa Tasumi, erkek adamy bolsa - tibyly 111 ýaşly Gisaburo Sonobe.
Ýaponiýa uzak ýaşlylaryň sany boýunça dünýäde öňdäkileriň biridir. Ýurtdaky her 100 müň adamyň ortaça 73-si 100 ýaşdan aňyrdaky adamlardyr.


düýn 00:07
4.6k+

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

24.06.2026 09:29
4.2k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

22.06.2026 23:12
4.9k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

18.06.2026 22:32
4.8k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....