Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko nobatdaky gezek kosmosa uçdy. Ol rekord goýup biler

  • 16.09.2023 09:40
  • 33k+

Anna güni Baýkonur kosmodromyndan uçurylan «Soýuz MS-24» kosmos gämisi Halkara kosmos stansiýasynyň rus böleginiň modulyna birikdi. Muny Roskosmosyň ýaýlymda berdi.

Kosmos gämisi arkaly stansiýa Türkmenistanyň Gahrymany, kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko, kosmonawt Nikolaý Çub, NASA-nyň astronawty Lorel O'Hara bardy. 
O'Hara Ýere 2024-nji ýylyň ýazynda "Soýuz MS-24"-de gaýdyp geler, Kononenko bilen Çubuň missiýasy bolsa 2024-nji ýylyň sentýabryna çenli dowam eder, şondan soň kosmonawtlar “Soýuz MS-25”-de Ýere gaýdyp geler. Ýyllyk ekspedisiýanyň çäginde Kononenko kosmosda 1000 günden gowrak wagt geçiren dünýäde ilkinji adam bolup biler.
Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Oleg Kononenko we öz ömrüni kosmonawtika bilen baglan ähli adamlara bütin adamzadyň ösüşine gönükdirilen gaýduwsyz zähmeti üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.


17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

14.06.2026 16:13
6k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

09.06.2026 23:32
4.1k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....