Gurbanguly Berdimuhamedow kosmonawt Oleg Kononenko minnetdarlyk bildirdi

  • 15.09.2023 07:28
  • 22k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko we öz ömrüni kosmonawtika bilen baglan ähli adamlara bütin adamzadyň ösüşine gönükdirilen gaýduwsyz zähmeti üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

«Häzirki zaman dünýäsinde kosmonawtika düýpli ylmy barlaglary talap edýän we ýokary tehnologiýalar pudagydyr. Kosmos we ýer hadysalarynyň arasyndaky özara baglanyşygyň öwrenilmegi, kosmos barlaglarynyň geçirilmegi, onuň netijeleriniň iş ýüzünde peýdalanylmagy innowasion tehnologiýalaryň ösüşiniň çeşmesi bolup hyzmat edýär. Hut kosmosyň öwrenilmegi netijesinde, biziň durmuşymyzda adamlaryň ýaşaýşyny ýeňilleşdirýän, senagat ösüşini üpjün edýän täze işläp taýýarlamalar ýüze çykýar. Köp adamlar üçin kosmonawtlaryň ylmy-barlag işleri uly gyzyklanma döredýär.
Men Siziň «TASS» habarlar agentliginiň ýörite habarçysy hökmünde Halkara kosmos stansiýasyna meýilleşdirýän täze kosmos ekspedisiýaňyz baradaky habary watandaşyňyz hökmünde buýsanç duýgusy bilen kabul etdim. Siziň işleriňiziň netijesiniň köp millionly okyjylaryň älem giňişligine akyl ýetirmeginde möhüm maglumat çeşmesi boljakdygyna ynanýaryn» diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Oleg Kononenko berk jan saglyk, abadançylyk, şowly we howpsuz uçuşy arzuw etdi.
Öň habar berşimiz ýaly, Ý.A.Gagarin adyndaky Kosmonawtlary taýýarlaýyş merkeziniň başlygynyň orunbasary, Roskosmos-yň 15-nji sentýabrda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) ugrajak kosmonawtlar toparynyň serkerdesi, Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko TASS-yň bortdaky dördünji habarçysy bolar.


şu gün 10:55
3.5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
6.9k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.4k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.3k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......