Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko Halkara kosmos stansiýasynda TASS-yň dördünji ýörite habarçysy bolar

  • 25.08.2023 14:40
  • 25k+

Ý.A.Gagarin adyndaky Kosmonawtlary taýýarlaýyş merkeziniň başlygynyň orunbasary, Roskosmos-yň 15-nji sentýabrda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) ugrajak kosmonawtlar toparynyň serkerdesi, Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko TASS-yň bortdaky dördünji habarçysy bolar.

Kosmonawt stansiýanyň durmuşy we işi, agramsyzlyk ýagdaýynda bolup geçýän kosmos synaglary barada gürrüň berip durar. Onuň ugratjak täzeliklerini agentligiň maglumat çeşmelerinde okap bilersiňiz, suratlaryny we wideolaryny web sahypasynda we sosial ulgamlardaky resmi sahypalarda görüp bilersiňiz.
Stansiýa TASS-yň täze ýörite habarçysy bilen HKS-70-iň ekipažynyny alyp gitjek “Soýuz MS-24”  kosmos gämisiniň uçurylyşy şu ýylyň 15-nji sentýabryna meýilleşdirilýär. Ekspedisiýanyň düzümine kosmonawtlar Oleg Kononenko we Nikolaý Çub, şeýle hem NASA-nyň astronawty Lorel O'Hara girer.
O'Hara Ýere 2024-nji ýylyň ýazynda "Soýuz MS-24"-de gaýdyp geler, Kononenko bilen Çubuň missiýasy bolsa 2024-nji ýylyň sentýabryna çenli dowam eder, şondan soň kosmonawtlar “Soýuz MS-25”-de Ýere gaýdyp geler. Ýyllyk ekspedisiýanyň çäginde Kononenko kosmosda 1000 günden gowrak wagt geçiren dünýäde ilkinji adam bolup biler.


19.06.2026 10:10
3.4k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......