Alymlar howply bakteriýadan elektrik energiýasyny aldylar

  • 15.09.2023 14:31
  • 6.7k+

Lozannanyň Federal politehniki mekdebiniň alymlary ölüm howply «E. coli» bakteriýasyndan ilkinji gezek elektrik energiýasyny almagy başardylar. Munuň üçin bioinženeriýa tehnologiýalary arkaly onuň düzümi üýtgedildi.

Tebigatda tebigy ýollar bilen elektrik energiýasyny öndürýän ekzotik mikroblar bar. Emma munuň üçin olara aýratyn daşky gurşaw şertleri gerek.
«E. coli» aşgazan taýajygy dürli çeşmelerde ösüp bilýär. Oňa täze häsiýetleri bermek üçin gözlegçiler öýjükden daşary elektron geçirmek (EET) atly usuly ulandylar.
Alymlar «Shewanella oneidensis MR-1» bakteriýasynyň (elektrik öndürýän bakteriýa) komponentlerini bölüp aldylar we öýjügiň içki hem-de daşky membranalaryny öz içine alýan optimal ýoly döretdiler. Netijede, öndürilýän elektrik togunyň möçberini üç esse artdyrmagy başardylar.
«E. coli» dürli gurşawlarda, şol sanda hapa suwda hem elektrik energiýasyny öndürmegi başardy. Ekzotik bakteriýalar beýle şertlerde ýaşap bilmediler, aşgazan taýajygy bolsa bu şertde ösmegini dowam etdi diýip, «Joule» habar berýär.

«Biz elektrik energiýasyny öndürýäris, şol bir wagtyň özünde bolsa organiki galyndylary gaýtadan işleýäris – bir okda iki towşan awlaýarys» diýip, ylmy işiň awtorlary bellediler.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.7k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.6k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....