Alymlar kosmosdaky mikrozibillere garşy göreşmek üçin orbita datçiklerini döretdiler

  • 09.09.2023 18:08
  • 10k+

Belgiýanyň «Arcsec» kompaniýasy kosmos zibilleriniň kiçiligi sebäpli ýerüsti radarlar tarapyndan kesgitlenip bilinmeýän ownuk böleklerini ýüze çykarmak üçin tehnologiýa döretdi. Kompaniýa 3 sm-e çenli ululykdaky howply jisimleriň ýerleşýän ýerini bellige aljak kiçijik orbital emeli hemra-trekerleri döretdi diýip, Space.com habar berýär.

Adamzadyň Ýeriň golaýyndaky giňişligi özleşdirmegi netijesinde kosmos zibilleri meselesi has çynlakaýlaşýar. Ýewropa kosmos agentliginiň maglumatlaryna görä, Ýeriň orbitasynda enjamlaryň 10 sm-den uly 34,6 müňden gowrak bölegi, 1 – 10 sm ölçegde 1 million töweregi bölejik we diametri 1 sm-den kiçi bolan 130 milliondan gowrak bölejik bar.
Ujypsyz ölçeglerine garamazdan, bu jisimler gaty howply bolup bilerler. 2016-njy ýylda birnäçe santimetr ululykdaky zibil bölegi Ýewropanyň «Sentinel-1» monitoring maksatly emeli hemrasynyň Gün panelinde 40 santimetr giňlikde deşik açdy.
Belgiýanyň kiçi emeli hemralary golaýdan geçýän bölekleri kesgitleýän optiki datçikler bilen enjamlaşdyrylandyr. Ulgam obýektiň hereket traýektoriýasyny seljerip, olar hakda maglumatlary Ýere we beýleki kosmos enjamlaryna iberip biler.
Ilkinji «Arcsec» kosmos trekeri 2024-nji ýylyň başynda kosmosa uçurylar.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.7k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.6k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....