Wenesiýa şähere giriş üçin petegiň bahasyny mälim etdi

  • 09.09.2023 12:35
  • 8.4k+

Wenesiýa myhmanlaryň şähere girişi üçin petegiň bahasyny we 2024-nji ýylyň ýazyndan hereket edip başlajak düzgünleri mälim etdi. Bu barada CNN habar berýär diýip, “Ýewropeýskaýa prawda” ýazýar.

Şäher syýahatçylaryň sanynyň aşa köpdügi sebäpli taryhy bölegine giriş üçin töleg almagy meýilleşdirýär. Bahasy 5 ýewro bolan petekler ilki “synag görnüşinde” bolar we diňe belli bir günler hereket eder. Öň, şäheriň taryhy bölegine giriş üçin 10 ýewro çenli töleg teklip edilipdi.
Petekler ilkinji gezek 2024-nji ýylyň ýazyndan 30 günlük synag görnüşinde giriziler. Ol şäher häkimliginiň çaklamalary boýunça syýahatçylaryň has köp boljak günleri (meselem, dynç günleri we karnawal günleri) hem-de Wenesiýada bir gijäni geçirmeýänler üçin zerur bolar.
Bu belli günlerde taryhy şähere giriş 14 ýaşdan uly adamlar üçin tölegli bolar, ýöne bu ýerli ýaşaýjylara, işe yzygiderli gidýänlere, gozgalmaýan emläk eýelerine, şäherde gijäni geçirýän syýahatçylara, sport ýaryşlaryna gatnaşyjylara degişli bolmaz. Bu myhmanlar barybir onlaýn hasaba alynmaly bolarlar.
Şäher häkimliginiň syýahatçylyk meseleleri boýunça geňeşçisi Simone Wenturini bu üýtgeşmeleriň şäher ýaşaýjylary we beýleki gyzyklanma bildiren taraplar bilen maslahatlaşmalardan soň ylalaşylandygyny düşündirdi.


25.06.2026 23:36
5.5k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......