Alymlar ummany öwrenmek üçin tutuş bir aýlap suwuň aşagynda ýaşarlar

  • 06.09.2023 23:08
  • 15k+

DEEP Research Labs kompaniýasynyň ummany öwrenmek bilen meşgullanýan işgärleri Angliýada suwasty bazany gurmagy meýilleşdirýändiklerini mälim etdiler. Taslamany 2027-nji ýyla çenli Uelsde döretmegi meýilleşdirýärler, şondan soň gözlegçiler bir aý töweregi wagtlaryny 200 metr çuňlukda geçirerler. Bu barada Daily Mail habar berýär.

Alymlar suwuň adamzat durmuşynda uly orun tutýandygyny bellediler, şeýle-de bolsa häzirki wagtda ummanlar az öwrenilen ugur bolmagynda galýar. Sentinel diýlip atlandyrylýan baza gözlegçilere deňiz durmuşynyň 90% -ini öz içine alýan epipelagiki zona girmäge mümkinçilik döreder diýlip garaşylýar.
Baza adamlaryň uzak wagtlap ýaşamagy üçin ähli şertler döredilen suwasty binasy bolar. Bu ýerde laboratoriýalary bolan merkezi zal we uly nahar stolly aşhana bolar. Alymlaryň özleri goş ammary, kiçijik stoly, bir ýatalgasy bolan bir adamlyk aýratyn otaglarda ýaşarlar. Şeýle-de, otaglarda elýuwarly giňiş  hammam hem bolar.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.7k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.6k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....