Gurbanguly Berdimuhamedow Sukuba uniwersitetiniň prezidenti bilen hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny maslahatlaşdy

  • 05.09.2023 23:58
  • 16k+

Şu gün, 5-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagata bilen duşuşygynda däp bolan türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan Ýaponiýa bilen ýola goýlan gatnaşyklara ýokary baha berýär. Soňky ýyllarda döwletara gatnaşyklary syýasy, söwda-ykdysady, durmuş, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlary öz içine almak bilen, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak esasynda işjeň ösdürilýär diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri kanagatlanma bilen nygtady.

Iki ýurduň ylmy ösdürmäge uly goşant goşan bu görnükli iki alymynyň we professorynyň şu gezekki duşuşygynda ýokary bilim edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygy kanagatlanma bilen bellenildi.
Ýurdumyzda ylma esaslanýan önümçilikleriň giňeldilmegi hem-de iri ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen maýa goýum we tehnologik hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändikleri bilen baglylykda, türkmen-ýapon hyzmatdaşlyk möhüm bolup durýar.


şu gün 07:42
684

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

09.06.2026 15:08
2.1k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......