Alymlar: Dünýädäki dilleriň ýaňlanyşy klimata bagly

  • 04.09.2023 15:07
  • 10k+

Lingwistler howanyň we dilleriň ýaňlanyşynyň arasyndaky baglanyşygy ýüze çykardylar.

Report agentliginiň “Frontiers in Psychology” žurnalyna salgylanyp berýän habaryna görä, olar çyglylyk, deňiz derejesinden beýiklik, temperatura, ygalyň mukdary we ösümlikleriň gürlügi ýaly daşky gurşaw şertlerine baha berdiler.
Gözlegçiler: "Dürli daşky gurşaw we dil üýtgeýjileriniň biri-biri bilen näderejede arabaglanyşygynyň bardygyna göz ýetirmäge synanyşdyk"- diýip gürrüň berdiler.
Ýokary temperatura we çyglylyk bolan ýerlerde adamlaryň çekimli sesleri has köp ulanýandyklary, daglarda bolsa zarply çekimsiz sesleri ulanýandyklary ýüze çykaryldy. Has çylşyrymly ton ulgamlary çygly sebitlere mahsusdyr.
Alymlar bu faktlara düşündiriş tapmaga synanyşdylar. Bir çaklama görä, belentliklerde adamlar çyglylygy saklamaga synanyşýarlar, şonuň üçin ses aragatnaşygyny ýapýan sesleri ulanýarlar.
Şeýle hem gözlegçiler howanyň üýtgemeginiň soňlugy bilen dilleriň ýaňlanyşyna täsir etjekdigine ynanýarlar. Biologlar guş aýdymlarynda daşky gurşawyň şertlerine uýgunlaşýan meýilleri eýýäm görüpdirler.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.7k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.6k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....