Serdar Berdimuhamedow Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň düýbüni tutdy

  • 01.09.2023 16:03
  • 23k+

Şu gün, 1-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binalar toplumynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

Bu desganyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk çäkleri abadanlaşdyrmak, ozal bar bolan inženerçilik ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak we täzelerini gurmak «Ajaýyp gurluşyk» hususy kärhanasyna tabşyryldy. 
Institutyň binalar toplumy 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrylar.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty (TDBGI) ýaş, häzirki zaman ylmy we taslama bilim edarasy bolup, 2012-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda döredildi. Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak we binagärlik-gurluşyk, jemagat hojalygy, himiýa, energetika, senagat we ýol-ulag pudaklaryny inžener işgärleri bilen üpjün etmek TDBGI-niň esasy wezipesidir.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......