Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisine talabalaýyk taýýarlyk görmegi tabşyrdy

  • 01.09.2023 07:44
  • 14k+

31-nji awgustda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň sentýabr aýynda geçiriljek mejlisine talabalaýyk taýýarlyk görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.   

Hökümet mejlisiniň barşynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler hem-de iri jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berildi.
Mejlisiň Başlygynyň hasabatynda şeýle hem Parlamentara gatnaşyklary giňeltmegiň çäklerinde Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri, şeýle hem ABŞ-nyň Kongresiniň Wekiller palatasynyň wekiliýeti bilen duşuşyklaryň geçirilendigi bellenildi. Mundan başga-da, Jynsy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek hakynda Halkara konwensiýasynyň kadalarynyň ýerine ýetirilişi boýunça geçirilen çärä gatnaşmak üçin Mejlisiň deputaty  ýurdumyzyň wekiliýetiniň düzüminde Ženewa şäherinde iş saparynda boldy.


düýn 16:30
557

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
719

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.8k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......