BMGÖM Türkmenistana barlaghana reaktiwleriniň nobatdaky tapgyryny getirdi

  • 27.08.2023 12:54
  • 18k+

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy Bütindünýä Banky tarapyndan maliýeleşdirilýän “Türkmenistanda COVID-19-a garşy göreş” maksatnamasynyň çäklerinde nobatdaky lukmançylyk serişdelerini ugratdy. Bu barada Turkmenportal habar berýär.

Hususan-da, ganyň umumy, biohimiki we immunoferment barlagy, ganyň toparyny kesgitlemek üçin kliniki barlaghana reaktiwlerini, laboratoriýa boýaglary, şeýle hem laboratoriýa seljerijileriniň işini kalibrlemek üçin jemi bahasy 454 540 amerikan dollaryna barabar bolan reaktiwler Türkmenistana gowşuryldy. Bu barada BMGÖM-iň sosial ulgamlarynda habar berildi.
Getirilen serişdeler Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine geçirildi. Reaktiwler soňra ýurduň lukmançylyk edaralarynyň arasynda paýlanar.


20.06.2026 12:08
6.9k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......