Emeli aň arkaly haýwanlar bilen gepleşmek mümkin bolar

  • 21.08.2023 23:50
  • 13k+

Ysraýylyň Tel-Awiw uniwersitetiniň alymlary Ýossi Ýowel we Oded Rehawi emeli aňy işläp düzüjileriň öňünde haýwanlar bilen aragatnaşygy ýola goýmakda nähili päsgelçilikleriň bardygyny we näme üçin şeýle guralyň haýwanlaryň ýagdaýyny soramaga mümkinçilik bermeýändigini düşündirdiler.

Adamyň sözleýşini gaýtadan işlemegiň algoritmleri has takyklaşýar we bu ahyrsoňy haýwanlar bilen aragatnaşyk gurmaga mümkinçilik berýän emeli aňyň döremegine sebäp bolup biler.
Bu wezipäni durmuşa geçirmek üçin neýroulgam haýwanyň aragatnaşyk üçin ulanýan signallaryny peýdalanmalydyr. Ýagny, öý haýwanlary baş öwredilişdäki ýaly täze signallary öwrenmäge mejbur edilmeli däldir.
Mundan başga-da, bu signallar haýwan diňe bir mähir bildirilýän ýa-da buýruk berilýän ýagdaýlarda däl-de, dürli gylyk-häsiýet şertlerinde ulanylmalydyr. Şeýlelik-de, alymlar guşlaryň tebigy duýduryş signalyny ýerine ýetirmek arkaly, olar bilen nädip aragatnaşyk saklamalydygyny eýýäm bilýärler.
Ýöne ýokardaky aýdylanlaryň ählisiniň ýerine ýetirilmegi hem haýwanlaryň eýeleriniň arzuw edýän derejesinde haýwanlar bilen aragatnaşyk gurmak üçin emeli aňy döretmäge kömek edip bilmez diýip, alymlar düşündirýärler.
Olar: «Bir gün algoritm bize öý pişiginiň söýgi ýa-da lapykeçlik bildirýändigini aýdyp bilse-de, bizde onuň özüni nähili duýýandygyny soramaga mümkinçilik bolmaz» diýip, belleýärler.
Adam aragatnaşygyna iň ýakyn bolany üçin primatlaryň aragatnaşygyny özleşdirmek has ýeňil bolup biler. Emma emeli aň nusgalary henizem tebigatda primatlara uzak wagtlap gözegçilik etmegi talap edýän köp mukdarda maglumatlar boýunça tälim almaly bolarlar.
Alymlar geljekde emeli aňyň haýwanlara has gowy düşünmek üçin ulanylyp bilinjekdigini belleýärler.


şu gün 20:11
473

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....

şu gün 17:01
887

Claude-ni döredijiler emeli aňyň ösüşini haýallatmaga çagyrdylar

Claude emeli aň modelini işläp düzen Anthropic kompaniýasy EA tehnologiýalarynyň ösüşini haýallatmak ýa-da wagtlaýynça togtatmaga çagyrýan makalany çap etdi. Bu ylmy makalanyň awtordaşy kompaniýanyň......

05.06.2026 19:21
5.7k+

EA agentleri wirtual Nýu-Ýorkda «ýaşap gördi»: olar özüni nähili alyp barandyr öýdýäňiz?

Emergence AI startap kompaniýasy belli emeli aň modellerini 15 günüň dowamynda Nýu-Ýorkuň wirtual nusgasyna ýerleşdirip, täsin bir tejribe geçirdi. Hünärmenler adam gözegçiligi bolmadyk ýagdaýynda emeli aň......

03.06.2026 23:06
1k+

OpenAI-den öňürtdi: Anthropic paýnamalaryny biržada ýerleşdirmek üçin arza berdi

Claude emeli aň modelini işläp düzüji Anthropic amerikan kompaniýasy paýnamalaryny ilkinji gezek köpçülige hödürlemek (IPO) boýunça resmi arza ýollady. Bu barada kompaniýanyň özi habar berdi....