Wiktor Orban Serdar Berdimuhamedowy ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynyň açylyşyna çagyrdy

  • 20.08.2023 01:09
  • 17k+

Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban Prezident Serdar Berdimuhamedowy ýeňil atletikada boýunça Merkezi Ýewropada ilkinji gezek geçirilýän dünýä çempionatyna gatnaşmaga çagyrdy.

«Her ýylyň 20-nji awgusty wengerleriň durmuşynda ähmiýetli sene hasaplanylýar. Milli senenamamyzyň bu möhüm gününde esaslandyryjy patyşamyz Keramatly Stefanyň gününi belleýäris. Ýöne şu ýyl bu baýram has-da özboluşlylygy bilen tapawutlanar. Wengriýa tutuş dünýäniň üns merkezinde bolar. Çünki Budapeştde 19-27-nji awgust aralygynda ýeňil atletika boýunça dünýä çempionaty geçiriler» diýlip, çakylyk hatynda bellenilýär.

Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban çakylygynda Türkmenistanyň Prezidentini we onuň maşgalasyny täze Milli ýeňil atletika merkezinde mübäreklemegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi.
Bu ýerde erkekleriň arasynda 100 metr aralyga ylgamak boýunça ýaryşyň jemleýji tapgyry geçiriler. Soňra Karmelitleriň ybadathanasynda dabaraly kabul edişlik bolar, şeýle hem Ýewropada iň şüweleňli feýerwerk guralar.


08.06.2026 17:39
1.8k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......