Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy

  • 17.08.2023 23:59
  • 17k+

Şu gün, 17-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşýän “Magtymguly Pyragynyň” medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işler hem-de paýtagtymyzy ösdürmegiň möhüm ugurlaryna degişli şekil taslamalar bilen tanyşdy. Şunda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk dabarasyna taýýarlyk çärelerine möhüm ähmiýet berildi.   

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynyň ýanyna geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birnäçe orunbasarlary we Aşgabat şäheriniň häkimi garşyladylar. 
Gahryman Arkadagymyz ilki bilen toplumyň ähli çäginiň we onuň ýanaşyk ýerleriniň ýokary derejede abadanlaşdyrylmagyna onuň ekologiýa we arassaçylyk ýagdaýyna zerur üns bermelidigini belledi. Şunda  beýik şahyryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumy şäheriň günorta künjegindäki beýleki desgalar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidir. Aýratyn-da toplumyň we beýleki ugurdaş desgalaryň ýazgylary gözegelüwli bolmalydyr, olaryň girelgeleriniň bezeg aýratynlyklary özboluşly milli binagärlik çözgüdi bilen utgaşdyrylmalydyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynyň çäginde taýýarlanan taslamalar we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.
Gahryman Arkadagymyz bu iri medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagynyň 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik şahyrynyň hem-de akyldarynyň 300 ýyllygynyň giňden baýram ediljek senesiniň hormatyna geçiriljek ägirt uly dabaralaryň özboluşly başlangyjyna öwrüljekdigini belläp, toplumyň açylyş dabarasy mynasybetli guraljak çäreleriň ýatda galyjy pursatlara beslenmelidigine ünsi çekdi.   
Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz görkezilen taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerini synlap, Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň ähli watandaşlarymyzy, esasan-da, ýazyjy şahyrlarymyzy buýsandyrýandygyny aýtdy.
Gahryman Arkadagymyz 1-nji sentýabrda ýurdumyzyň teatrlarynda Magtymguly Pyragy bilen baglanyşykly sahna oýunlarynyň goýulmagynyň, olara okuwçy we talyp ýaşlaryň gatnaşdyrylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. 
Magtymguly Pyragynyň belent heýkeline, seýilgäh toplumyna gezelenç etmek bilen bir hatarda ulagly syýahat etmek üçin hem ýörite elektromobillaryň hyzmaty ýola goýulsa maksadalaýyk bolar diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi. 
Şeýle hem çeper döredijilige aýratyn gadyr goýýan alym Arkadagymyz dynç alyş günlerinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada oýlanyp täze goşgy setirleri döredendigini aýtdy we bu ajaýyp goşgusyny okap berdi.


şu gün 07:42
882

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......