Alymlar adaty ruçkalaryň kömegi bilen ýagtylyk diodlaryny çyzmak üçin syýa döretdiler

  • 16.08.2023 14:55
  • 13k+

Sent-Luisdäki Waşington uniwersitetiniň alymlary yşyk-diodly çyzgylary çyzmaga niýetlenen şarikli ruçkalar üçin özboluşly syýa oýlap tapdylar. Çyzgyny islendik tekizlikde, şol sanda çeýe üstler-de hem çyzyp bolar. Bu barada New Atlas neşiri habar berdi.

Gözleg işleri bilen dosent Çuan Wang we aspirant Szýunyi Çžao meşgullandy. Öň olar struýaly printerler üçin yşyk-diodly syýa döredipdiler, ýöne olar şarikli ruçkalara laýyk gelmändir. Şeýlelik bilen, alymlaryň golýazma üçin amatly we ýüzüne ýaýramaýan ýa-da ony zaýalanmaz ýaly syýa döretmek maksady bardy. Netijede şeýle sazlaşyk saýlanyp alyndy.
Yşyk-diodly syýa döretmek üçin üç görnüşli syýa zerur: anod, şöhlelenýän gatlak we katod üçin – olar biri-birine garyşdyrylmazdan ulanylýar. Bir reňkde geçiriji polimerler, beýlekisinde metal nanosimler, üçünjisinde perowskit kristal materiallary bar.
Alymlaryň pikiriçe, boýalan yşyk-diodly indikatorlar uzalyp bilýär we elektrik toguna birikdirilende dürli reňkleri çykaryp biler. Şeýle hem, olar azyndan 10 müň gezek ýakylmaklyga çydamly we 15,225 cd / m2 ýagtylygy bar.
Gözlegçiler döreden yşyk-diodly lampalarynyň lukmançylykda, okatmakda, “akylly” gaplamalarda, gutlag otkrytkalarynda ýa-da ýagty saçýan eşiklerde ulanylyp bilinjekdigini bellediler.


şu gün 20:00
451

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

şu gün 19:44
386

Airbus-yň täze superkompýuteri uçarlary birnäçe sekuntda taslamaga mümkinçilik berer

Ýewropanyň uçar öndüriji ägirdi Airbus Tuluzada (Fransiýa) we Gamburgda (Germaniýa) täze paýlaşykly superkompýuter infrastrukturasyny ulanmaga berdi. Bu ulgam uçarlaryň we dikuçarlaryň wirtual taslamalaryny......

şu gün 17:07
512

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

04.06.2026 19:55
5.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......