Hazaryň türkmen kenarynda Döwlet serhet gullugynyň täze binalar toplumy açyldy

  • 16.08.2023 12:15
  • 27k+

15-nji awgustda Hazaryň kenarynda Döwlet serhet gullugynyň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy.

Täze toplumda ýokary halkara ölçeglere doly laýyk gelýän dolandyryş binasy bar. Dolandyryş bölüminde alnan maglumatlar toplanylýar, işlenilýär hem-de harby gullukçylaryň ygtyýaryndaky tehniki serişdeleriň kömegi bilen bellenen ýerlere çaltlyk bilen iberilýär.
Şeýle hem toplumyň çäginde okuw binasy, gämi duralgasy bar.
Açylyş dabarasynyň barşynda deňiz serhetçileriniň ygtyýarynda bar bolan ýokary tizlikli gäminiň tehniki görkezijileri we aýratynlyklary tanyşdyryldy.
Toplumyň çäginde zerur bolan enjamlar bilen üpjün edilen 200 orunlyk ýatakhananyň binasy ýerleşýär. Bu ýerde deňizçi serhetçileriň göwnejaý dynç almaklary, wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin ähli zerur şertler döredilipdir, okuw otaglary hem-de beýleki durmuş maksatly otaglar göz öňünde tutulypdyr.
Täze toplumyň çäginde üsti açyk we ýapyk sport meýdançalary döredildi.


Täze desgalaryň hatarynda halkara standartlara laýyk gelýän öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen lukmançylyk bölümi hem bar.
Mundan başga-da, toplumyň çäginde giň we ýagty naharhana, aşhana hem-de çörek bişirilýän ýer bar.
Desgalaryň hatarynda otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan 48 öýli, üç gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ikisi bar. Olarda Watan goragçylarynyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamaklary üçin zerur şertler göz öňünde tutuldy.
Döwlet serhet gullugynyň täze desgalar we binalar toplumyna Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan awtoulag serişdeleri gowşuryldy.


düýn 19:38
4.6k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.7k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......