Alymlar bütin dünýäde fotosinteziň depgininiň peselýändigini bellediler

  • 16.08.2023 08:48
  • 8.3k+

Atmosferadaky kömürturşy gazynyň mukdarynyň köpelmegi sebäpli bolup geçýän fotosinteziň tizliginiň artyşy birdenkä haýallady diýip, ytaýly alymlar belleýärler.  Bu üýtgeşmeler tutuş Ýer togalagynda bolup geçýär.

Fotosintez wagtynda ösümlikler CO2-ni we suwy uglewodlara öwürýärler hem-de kislorod bölüp çykarýarlar. Şonuň üçin olar täsirli uglerody sarp edijilerdir. Öňki barlaglar geçen asyryň dowamynda uglerodyň zyňyndylarynyň mukdarynyň artmagy bilen ösümlikleriň fotosintezi tizleşdirýändigini we atmosferadan has köp uglerod alýandygyny görkezdi. Netijede, global ýylylygyň tizligi haýallady.
Täze barlag;ar bu depginiň soňky döwürde tersine bolandygyny görkezdi. Global fotosinteziň tizligi haýallady. Alymlar muny atmosferanyň has gurak bolmagy bilen baglanyşdyrýarlar.
Ylmy işiň awtorlary 1982-nji ýyldan 2016-njy ýyla çenli döwür üçin ýerden gözegçilik maglumatlaryny seljerdiler. Datçikler CO2-niň mukdary we howadaky çyglylyk ýaly görkezijileri ýazga alýarlar.
Mundan başga-da, alymlar dürli sebitleriň emeli hemradan alnan suratlaryny ýygnadylar we agaç ýapraklarynyň daşky görnüşini seljerdiler. Ýapragyň reňki ýaly faktorlar fotosinteziň tizligini görkezýär.
Toplanan maglumatlara esaslanyp, topar 2000-nji ýyldan şu güne çenli global sintez derejeleriniň üýtgeşmelerini grafiki taýdan şekillendirýän nusgalary döretdi. Netijeler geçen asyryň dowamynda CO2-niň derejesiniň ýokarlanmagy bilen, fotosinteziň global derejesiniň hem olar bilen deň derejede artandygyny görkezdi. Emma 2000-nji ýyldan bäri ýagdaý üýtgedi. Fotosinteziň ösüş depgini haýallap başlady we ýakyn wagtda düýbünden togtap biler, çünki planetanyň gyzmagy we guramagy dowam edýär diýip, «Science» habar berýär.


şu gün 20:00
451

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

şu gün 17:07
512

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

04.06.2026 19:55
5.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

04.06.2026 18:07
6.8k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......