Serdar Berdimuhamedow we Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistanyň ýolbaşçylaryny gutlady

  • 15.08.2023 11:48
  • 11k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmua we Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modä hem-de ýurduň ähli halkyna Hindistan Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdiler.

«Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýäris, şeýle hem özara hormat goýmak, düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly hem-de birek-birege peýdaly gatnaşyklarymyzy has-da kämilleşdirmäge ygrarlydygymyzy beýan edýäris. Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeli kämilleşdirilmeginiň halklarymyzyň abadançylygyna oňyn täsirini ýetirjekdigine berk ynanýaryn» diýip, döwlet Baştutany belledi.
«Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasynda ýyllaryň dowamynda emele gelen gatnaşyklara ýokary baha berýäris» diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we köpugurly hyzmatdaşlygyň geljekde hem iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine ösdüriljekdigine ynam bildirdi.


şu gün 07:42
882

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......