Türkmenistanyň we Indoneziýanyň diplomatlary hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollaryny maslahatlaşdylar

  • 12.08.2023 09:56
  • 4.5k+

11-nji awgustda wideokonferensiýa şekilinde Türkmenistanyň we Indoneziýanyň Daşary işler ministrlikleriniň degişli düzümleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda ikitaraplaýyn geňeşmeler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň diplomatlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça türkmen-indoneziýa gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Döwletleriň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara we sebit guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy nygtaldy.
Taraplar mundan beýläk hem möhüm ugurlaryň birnäçesi boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini bellediler.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......