Serdar Berdimuhamedow we Gurbanguly Berdimuhamedow Singapuryň ýolbaşçylaryny gutladylar

  • 09.08.2023 10:54
  • 23k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Singapur Respublikasynyň Prezidenti hanym Halima Ýakoba, Premýer-ministri Li Sýan Luna hem-de ýurduň halkyna Singapur Respublikasynyň Milli güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdiler.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, özara hyzmatdaşlygyň iki halkyň bähbidine yzygiderli giňeldiljekdigine uly ynam bildirdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň halklaryň röwşen geljeginiň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynam bildirip, Türkmenistan bilen Singapur Respublikasynyň arasyndaky dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary has-da giňeltmäge ygrarlydygyny nygtady.

Mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň ýolbaşçylary Prezident hanym Halima Ýakoba we Premýer-ministr Li Sýan Luna berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Singapuryň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, rowaçlyk arzuw etdiler.


şu gün 07:42
684

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......