Russiýada garpyzyň we gawunyň bişip-bişmänligini kesmän barlaýan ykjam goşundy döredildi

  • 08.08.2023 18:43
  • 42k+

Russiýada garpyzyň, gawunyň, gök önümleriň we miweleriň ýetişenlik derejesini kesgitlemäge mümkinçilik berýän ykjam goşundy döredildi diýip, Izwestiýe neşiri habar berýär.

Moskwanyň Fizika we Tehnologiýa Uniwersitetiniň (MFTI) Telekommunikasiýa gözleg merkeziniň öňdebaryjy ylmy işgäri Dmitriý Filonow bu programma ýetişenlik derejesini özlerinden geçýän Wi-Fi signalynyň derejesi boýunça kesgitleýändigini düşündirdi.
Onuň sözlerine görä, garpyzyň, gawunyň, gök-önümleriň we miweleriň bitewiligini bozmazdan, hiline baha bermek zerur bolanda, bu programma peýdalydyr. Satyn almazdan ozal, garpyz bilen gawuny kesip görmäge rugsat berilmese, bu ykjam goşundy size kömege ýeter.

«Ýetişenligiň fiziki we himiki ölçeglerini tapawutlandyryp bolýar. Mysal üçin, miweler bişensoň, olarda şekeriň mukdary köpelýär. Bu miwäniň içki gurşawynyň dielektrik aýratynlyklaryny üýtgedýär. Bu häsiýetler önümden geçýän Wi-Fi signalynyň derejesine täsir edýär. Aslynda, antenna ykjam analizator. Onuň doly işlemegi üçin şu ýerine ýetirilen programma üpjünçiligi ýazylmalydy» - diýip, Dmitriý Filonow aýtdy.


düýn 20:00
903

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

düýn 17:07
667

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

04.06.2026 19:55
5.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

04.06.2026 18:07
6.8k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......