Aşgabat sammitiniň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi

  • 05.08.2023 00:34
  • 23k+

4-nji awgustda Aşgabatda birinji üçtaraplaýyn Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçirildi. Şeýle görnüşdäki ýokary derejeli ilkinji duşuşygyň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.

Bu resminamada Prezident Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň  arasynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri öz beýanyny tapdy.
Sammitiň jemleri boýunça döwlet Baştutanlary syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky garaýyşlaryny beýan etdiler. Şeýle-de Türkmenistan, Täjigistan we Özbegistan halkara guramalarynyň çäklerinde, aýratyn-da Birleşen Milletler Guramasynda hem-de halkara we sebit meýdançalarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taýýardyklaryny aýratyn bellediler.


20.06.2026 11:41
3.6k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......