Gurbanguly Berdimuhamedow Emomali Rahmon bilen duşuşdy

  • 04.08.2023 11:13
  • 8.1k+

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza üçtaraplaýyn sammite gatnaşmak üçin gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany mähirli garşylap, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň doganlyk Türkmenistana gelmek hakyndaky çakylygyny kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Halk Maslahatynyň Başlygy geçiriljek gepleşikleriň ýokary derejä eýe boljakdygyny we syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda üçtaraplaýyn – Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde pikir alyşmalar üçin gowy mümkinçiligiň dörejekdigine ynam bildirdi. 
Duşuşygyň dowamynda türkmen-täjik gatnaşyklarynyň häzirki ýagadaýy we ony mundan beýläk hem giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


şu gün 07:42
882

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......