Ýerden kosmosa uçan ilkinji meteorit-bumerang tapyldy

  • 31.07.2023 09:51
  • 18k+

Fransiýadaky Eks-Marsel uniwersitetiniň alymlary Saharada asteroid bilen çaknyşykda Ýerden bölünip aýrylyp, birnäçe wagt kosmosda bolup, soň ýene yzyna gaçan ilkinji meteorit-bumerangy tapdylar.

Report agentliginiň belleýşi ýaly, bu açyş barada “Daily Mail” habar berýär.
NWA 13188 meteoriti Sahara çölünde tapyldy. Onuň seljermesi düzüminde dünýäde wulkan jisimleri üçin häsiýetli bolan bazalt we andezit porfiritleriniň bardygyny görkezdi. Şeýle-de, onda diňe daş kosmosdaky şöhleler bilen özara täsire giren ýagdaýynda emele gelip biljek berilliý-3, geliý-10 we neon-21 izotoplarynyň konsentrasiýasy ýokarydy.
Gözlegçiler daşda meteoritleriň Ýeriň atmosferasyndan uçup, ýere gaçmagy netijesinde emele gelýän erän gabygy tapdylar. Olaryň pikiriçe, daş ýerden gelip çykan, ýöne, takmynan, 10 müň ýyl mundan ozal asteroid bilen çaknyşmanyň netijesinde kosmosa zyňylypdyr, soňra ýene-de Ýere gaçypdyr.
Meteoritleri gözleýjiler 0,6 kg agramly daşy 2018-nji ýylda Marokkoda tapdylar. Onuň düzüminde Ýere mahsus minerallar – plagioklaz we piroksen agdyklyk edýär, bu hem alymlaryň tapylan daşyň meteoritdigine şübhelenmegine sebäp boldy.


düýn 20:00
903

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

düýn 17:07
667

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

04.06.2026 19:55
5.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

04.06.2026 18:07
6.8k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......