Dünýä çempionaty – 2026-nyň saýlama tapgyrynda Türkmenistanyň garşydaşlary belli boldy

  • 27.07.2023 20:13
  • 28k+

27-nji iýulda Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň merkezi edarasynyň ýerleşýän ýeri bolan Kuala-Lumpur şäherinde 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň bije çekişlik dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň saýty habar berdi.

Onuň netijesinde saýlama tapgyrçasynda “E” toparça düşen Türkmenistanyň milli ýygyndysy Eýranyň hem-de Özbegistanyň ýygyndy toparlary bilen güýç synanyşar. Bu toparçanyň dördünji wekili birinji saýlama tapgyrynda güýç synanyşjak Gonkonk bilen Butanyň milli ýygyndylaryň arasyndaky ýeňiji bolar.
Ýeri gelende bellesek, 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň final tapgyrynda ilkinji gezek milli ýygyndylaryň 48-si çykyş eder. Munuň bilen bagly Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy saýlama tapgyrynyň geçiş tertibine birnäçe üýtgeşmeleri girizdi. Muňa laýyklykda, AFK-nyň çägine girýän milli ýygyndylarynyň 45-siniň iň pes reýtingde duranlarynyň 18-si saýlama tapgyryna birinji aýlawdan başlar.
Saýlama tapgyrynyň birinji aýlowynda ýygyndylaryň 18-si 9 jübüti emele getirer. Olaryň hersinde öz meýdanynda hem-de myhmançylykda duşuşyklar geçiriler. Bu duşuşyklar şu ýylyň 12-nji hem-de 17-nji oktýabry aralygynda dowam eder. Bu duşuşyklarda ýeňiş gazanan ýygyndy toparlara saýlama tapgyrynyň ikinji tapgyrynda reýtingde ýokarda duran ýygyndylaryň 27-si goşular. Ikinji tapgyrda ýygyndylaryň 36-sy 9 toparçany emele getirerler (4 ýygyndy topardan). Ýygyndy toparlaryň hersi toparçalaýyn bäsleşikde duşuşyklaryň altysyny geçirerler. Bu duşuşyklar 2023-nji ýylyň noýabry bilen 2024-nji ýylyň iýun aýlarynda geçiriler. 
Saýlama tapgyrynyň ikinji aýlowynyň jemi boýunça toparçalarda ilkinji iki orny eýelän ýygyndy toparlar dünýä çempionatynyň saýlama oýunlarynyň üçünji tapgyryna çykyp, şol bir wagtda 2027-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň final tapgyrynda çykyş etmäge mümkinçilik alarlar. 
Dünýä çempionaty – 2026-nyň saýlama oýunlarynyň üçünji tapgyrynyň bije çekişligi 2024-nji ýylda geçiriler. Onuň netijesinde ikinji aýlowy şowly geçen ýygyndy toparlaryň 18-si toparçalaryň üçüsinde (6 ýygyndy topardan) çykyş ederler. Onuň netijesinde her toparçada ilkinji iki orny eýelän ýygyndylaryň altysy dünýä çempionatynyň final tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar. Dünýä birinjiliginde çykyş etjek Aziýanyň wekilleriniň ýene-de ikisi dördünji aýlowyň netijesinde belli bolar. Mundan başga-da, yklymara geçiriljek duşuşyklaryň netijesinde şowly çykyş eden ýagdaýynda AFK-nyň ýene-de bir wekili dünýä birinjiliginiň final tapgyrynda çykyş etmäge mümkinçilik alar.


düýn 18:45
4.2k+

Mehiko köpçülikleýin futbol türgenleşigi boýunça Ginnesiň rekordyny goýdy

Mehiko şäheriniň meşhur Sokalo meýdançasynda taryhda iň uly köpçülikleýin futbol türgenleşigi geçirildi. Oňa 9 500 adam gatnaşdy we bu görkeziji täze dünýä rekordyny goýmaga mümkinçilik berdi. Çäre wagtynda uly meýdança äpet, açyk asmanyň astyndaky türgenleşik meýdançasyna öwrüldi...

20.03.2026 13:05
7.3k+

Ýewropa ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň 1/4 finalynyň ähli gatnaşyjylary belli boldy

2025/26-njy ýyl möwsüminiň Ýewropa ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň 1/8 final duşuşyklary tamamlanyp, ýewrokuboklaryň çärýek finalyna çykan ähli toparlar kesgitlenildi. Ýewropa ligasynyň 1/8 finalynyň netijeleri:...

19.03.2026 15:56
9.9k+

Messi karýerasynda 900-nji goluny geçirdi. Munuň üçin oňa Ronaldudan az wagt gerek boldy

«Inter Maýami» toparynyň hüjümçisi Lionel Messi karýerasynda 900-nji goluny geçirdi. Ol özüniň ýubileý goluny KONKAKAF Çempionlar kubogynyň çäginde «Neşwill» toparyna garşy geçirilen oýunda (hasap 1:1) derwezä girizdi...

19.03.2026 11:43
8.8k+

ÇL: «Barselona» «Nýukasly» parçalady, «Liwerpul» «Galatasaraýy» ýeňlişe sezewar etdi

UEFA-nyň Çempionlar ligasyndaky agşamlar seýrek ýagdaýda rahat geçýär, emma bu gezekki oýunlar aýratyn şüweleňli boldy. Gol yzyna gol tirkeldi, faworitler garşydaşlaryna hiç hili mümkinçilik goýmady, Londonda bolsa soňky minutlara çenli gyzykly pursatlar dowam etdi...