Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutladylar

  • 24.07.2023 12:32
  • 11k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, arzuwlaryny iberdiler.

«Siziň parasatly we öňdengörüjilikli syýasatyňyz netijesinde, Özbegistan Respublikasy ösüşiň täze tapgyryna gadam basdy. Häzirki wagtda Özbegistanda halkyň durmuş derejesini, ýurduň dünýä ýüzündäki abraýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar» diýip, döwlet Baştutany gutlag hatynda nygtaýar.
«Siziň baştutanlygyňyzda Özbegistan Respublikasynyň durmuş-ykdysady ösüşinde we halkyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmakda uly üstünlikleri gazanandygyny bellemek guwandyryjydyr. Häzirki wagtda döwletlerimiziň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellemek bilen, soňky ýyllarda netijeli özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä ýetendigini aýratyn nygtamak isleýärin» diýlip, Gurbanguly Berdimuhamedowyň gutlag hatynda bellenilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky we ösdürmekdäki uly şahsy goşandy, aýratyn ünsi üçin goňşy ýurduň döwlet Baştutanyna minnetdarlyk bildirdi.


düýn 12:11
9.9k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

08.06.2026 17:39
1.8k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......