Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna hirurgiki bejeriş alan çagalar Awaza iberiler

  • 24.07.2023 12:18
  • 25k+

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyndan paýtagtymyzdaky Halkara saglyk merkezleri müdirýetiniň halkara kardiologiýa merkezinde, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda dürli kesellerden ejir çekýän çagalara ýerli hünärmenler tarapyndan hirurgiki bejeriş amallary üstünlikli ýerine ýetirildi hem-de bu işler dowam etdirilýär.

Çagalaryň her biri degişli hassahanalarda nobatdaky dikeldiş bejergilerini almaklaryny dowam etdirip, sagdyn çagalaryň hataryna goşulýarlar. Bejergi alan çagalar «Awza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» çagalar sagaldyş merkezine iberiler. Bu barada Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Habarlar merkeziniň müdiri Ogülmähri Geldiýewa «Türkmenistan» gazetinde makalasynda habar berdi.
Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň milli we daşary ýurt pullarynda hasaplary açylyp, bu gaznanyň hasabyndan çagalaryň saglygyny dikeltmäge bellenilen we berlen maliýe serişdeleriň hasabyna 140-dan gowrak dürli dogabitdi kesellerinden ejir çekýän çagalara lukmançylyk amallary ýerine ýetirildi.
Şeýle hem 50-den gowrak çaga saglygy goraýyş öňüni alyş barlaglar geçirilip, olar saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edildi. Bu ugurdaky işler dowam etdirilýär.


19.06.2026 10:10
3.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......