Türkmenistan 2024-nji ýylda Gyrgyzystana 2 mlrd kWt/sag-a çenli elektrik energiýasyny iberer

  • 23.07.2023 15:10
  • 9.1k+

Türkmenistan 2024-nji ýylda hem Gyrgyzystana elektrik energiýasyny ibermekde öňdebaryjy ornuny saklap galar. Gyrgyzystana türkmen elektrik energiýasynyň eksporty 1,7-den 2 mlrd kWt/sagada barabar bolar diýip, Aki press agentligi Gyrgyz Respublikasynyň energetika ministri Taýalbek Ibraýewiň sözlerine salgylanyp habar berýär.

Brifingde žurnalistleriň soraglaryna beren jogabynda, ministriň habar bermegine görä, Türkmenistandan soň Russiýa ýerleşýär, ol ýurda 1,5 mlrd kWt/sag elektrik energiýasyny iberer.
Häzirki wagtda Gyrgyzystan tomus möwsüminde elektrik energiýasynyň sarp edilişiniň çäklendirilmegi sebäpli onuň importyny bes etdi. TÄze satyn almalar şu ýylyň sentýabr aýynda başlanar. Eksport Respublikanyň energiýa ýetmezçiliginiň 3 mlrd kWt/sag töweregini üpjün eder.

«Biz şu ýylda elektrik energiýasyny import etmek hakynda şertnama gol çekdik. Biz tomusda elektrik energiýasyny import etmeýäris, çünki bu döwürde olar ýaly sarp edişlik ýok. Biz elektrik energiýasynyň importyny sentýabrdan dekabr aralygynda amala aşyrýarys» - diýip ministr belledi.


08.06.2026 17:39
1.8k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.5k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......