Türkmen-Özbek serhetýaka zolagynda söwda merkezi gurlar

  • 22.07.2023 09:10
  • 19k+

Daşoguz welaýatynyň Türkmen-Özbek serhetýaka zolagynda söwda merkezi gurlar. Gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň iýul aýynda başlap, Söwda merkezini 2025-nji ýylyň iýul aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Resminama laýyklykda, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine Daşoguz welaýatynyň Türkmen-özbek serhetýaka zolagynda Söwda merkeziniň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada öz garamagyndaky Alyjylar jemgyýetleriniň birleşikleriniň merkezi dolandyryş edarasynyň abatlaýyş-gurluşyk bölümi bilen şertnamany, daşarky eltiji elektrik, aragatnaşyk we suw üpjünçiliginiň inženerçilik ulgamlaryny gurmak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.
Belläp geçsek, 2021-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda“Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny — Söwda merkezini döretmek we onuň işini düzgünleşdirmek hakynda” Ylalaşyga gol çekilipdi.


düýn 12:11
9.9k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

08.06.2026 17:39
1.8k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......