Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystanynyň Mirasdüşer Şazadasy Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud bilen duşuşdy

  • 20.07.2023 08:00
  • 20k+

Jidde şäherinde geçirilen Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak üçin iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud bilen duşuşyk geçirdi.

Türkmen-saud hyzmatdaşlygynyň geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda ýurtlarymyzyň köptaraplaýyn görnüşde-de netijeli hyzmatdaşlyk edýändikleri nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Aýlagyň hem-de Merkezi Aziýanyň döwletleriniň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagynyň binýadyny goýan şu gezekki sammitiň ähmiýeti bellenildi. Türkmenistanyň öňe süren hem-de foruma gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan makullamak bilen kabul edilen anyk teklipleri bu hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam bermäge gönükdirilendir.
Duşuşygyň taraplar döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege we iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparyny tamamlap, Aşgabada dolandy.


08.06.2026 17:39
1.8k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......