Aşgabatda Braziliýanyň täze ilçisi işläp başlady

  • 19.07.2023 20:46
  • 8.6k+

Şu gün, 19-njy iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Braziliýa Federatiw Respublikasynyň ilçisi (oturýan ýeri Astana ş.) Rubem Antonio Korrea Barbozadan ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

W.Hajiýew ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de türkmen tarapynyň oňa diplomatik işini amala aşyrmakda goldaw we ýardam bermäge taýýardygyny belledi.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibi boýunça pikir alyşyldy. Taraplar döwletara görnüşde hem abraýly halkara düzümleriň çäginde özara gatnaşyklaryň ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmen tarapy energetika, nebiti gaýtadan işleýän we himiýa senagaty, oba hojalygy, ulag we dokma senagaty ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirdi.
Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Braziliýanyň arasynda medeni- ynsanperwer hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi barada, şeýle hem sport we syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň geljegi boýunça özara pikir alyşdylar.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......