Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi üçin alty möhüm ugry aýtdy

  • 19.07.2023 08:38
  • 33k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 24-nji sentýabrda geçiriljek mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly işleriň çäginde milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň ykdysady we maliýe görkezijileriniň içgin seljerilmelidigini belläp, bu babatda aýratyn möhüm hasaplanýan alty ugur barada aýtdy.

Birinjiden, geljekde bazar gatnaşyklaryna esaslanýan döwlet-hususy hyzmatdaşlygy ösdürmek, paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, gymmat bahaly kagyzlaryň bazaryny, gazna biržasynyň işini kämilleşdirmek, hususy pudagyň işjeňligini has-da artdyrmak, maýadarlaryň töwekgelçiliklerini peseltmek üçin olara goşmaça kepillikler bermek ýaly möhüm ugurlara degişli alnyp barylýan işleriň täzeden seljerilmelidigini aýdyp, Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň maýa goýum, migrasiýa syýasaty, milli manadymyzyň hümmetini durnukly saklamak, pul dolanyşygy we walýuta düzgünleşdirmesi hem-de beýleki birnäçe meseleler boýunça teklipleri taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Ikinjiden, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň geriminiň barha giňeýändigini nazara alyp, bilim bermegiň, hünärmenleri taýýarlamagyň, hünär derejelerini ýokarlandyrmagyň täze usullaryny we tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, geljekde has köp talap ediljek hünärler boýunça taýýarlygy giňden alyp barmagyň meselelerine garalmalydyr.
Üçünjiden, döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň örän möhüm, ileri tutulýan ugry bolan saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny ösdürmek, iýmit önümleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek, bejeriş we öňüni alyş işleriniň, derman serişdeleriniň ýokary hilli bolmagyna, howpsuzlygyna hem-de netijeliligine gönükdirilen gözegçilik boýunça alnyp barylýan işler dowam etdirilmelidir diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Dördünjiden, senagat pudaklaryny, hususan-da, nebitgaz, himiýa, gurluşyk, energetika, dokma pudaklaryny innowasiýalar arkaly ösdürmek we döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň çäklerinde ýüze çykýan gatnaşyklaryň, şol sanda bu pudaklaryň işine degişli standartlaryň, maýa goýum, hukuk, ykdysady gurşawyň kämil bolmagyna gönükdirilen işler boýunça teklipler taýýarlanylmalydyr.
Bäşinjiden, oba hojalyk toplumyny ösdürmek, şol sanda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, gaýtadan işleýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmak we galyndysyz tehnologiýalary ornaşdyrmak, azyk önümlerini saklamak bilen bagly ulgamy giňeltmek, oba hojalyk senagatynda emläk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, eksport ugurly önümçilikleriň döredilmegini dowam etdirmek, oba ýerleriniň durmuş taýdan özgerişini çaltlandyrmak zerurlygynyň ýüze çykýandygyny aýdyp, Gurbanguly Berdimuhamedow bu pudagyň işini netijeli dolandyrmagyň, dürli guramaçylyk-hukuk görnüşli önüm öndüriji hojalyklaryň mümkinçiliklerini artdyrmagyň, tohumçylyk, ýer, suw meseleleri boýunça teklipleriň taýýarlanmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi.
Altynjydan, Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli alyp barmak, tejribeleri öwrenmek, olary giňden ornaşdyrmak boýunça teklipleriň üstünde iş alyp barmagyň zerurdygyny belledi. Şu we beýleki pudaklara, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň wajyp ugurlaryna degişli meseleler boýunça geçirilen işleriň netijeleri boýunça Prezidente degişli hasabatlarydyr maglumatlary bermek, ol maglumatlary seljermek bilen, geljekki ösüşlerimizi üpjün etmek üçin wajyp teklipleri işläp taýýarlamak, degişli çözgütleriň kabul edilmegini gazanmak biziň esasy wezipelerimiziň biri bolup durýar diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.


08.06.2026 17:39
1.8k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......