Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşi döredildi

  • 19.07.2023 08:25
  • 14k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşini döretmek hakynda karara gol çekdi. Degişli resminama 18-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde gol çekildi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň Düzgünnamasy hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň düzümi tassyklanyldy.
Bellenilişi ýaly, bu resminama ýaşululary döwletimiziň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň çekmek, halkymyzyň jebisligini pugtalandyrmakda we döwlet ähmiýetli meseleleri parasatlylyk bilen maslahatlaşyp çözmekde olaryň baý zähmet hem-de durmuş tejribesini peýdalanmak maksady bilen kabul edildi.


08.06.2026 17:39
1.8k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......