Türkmenistan daşary ýurtlara 3,3 müň tonnadan gowrak buýan köküni eksport etdi

  • 15.07.2023 18:18
  • 14k+

Türkmenistan şu ýylyň geçen döwründe buýan köküniň 3 müň 327 tonnasyny, ekstraktyň 613 tonnasyny eksport etdi. Bu babatda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň S.A.Nyýazow adyndaky «Buýan» obasenagat toplumyna salgylanyp, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Bellenilişi ýaly, toplumyň agzybir işgärleriniň ýylyň başyndan bäri 1 müň 146 tonna buýan köküni, 549 tonna buýan ekstraktyny taýýarladylar. Şeýlelikde, buýan köküni taýýarlamakda 3 million manada golaý, ekstrakt önümçiliginde umumy bahasy 6 million manada deň bolan iş ýerine ýetirildi.
Buýan köküni ýygnamak işi ýörite toparlarda alnyp barylýar. Iş möwsümi her ýylyň mart aýynyň başyndan noýabryň ahyryna çenli dowam edýär. Bu işe 300-e golaý adam gatnaşýar. Kök ýygnaýjylar birbada iki işi, ýagny buýan köküni taýýarlamak we ekiş işlerini bilelikde alyp barýarlar.
Buýan köküniň ýerasty bölegi köpýyllyk, üstki bölegi bolsa bir ýyllykdyr. Hut şol sebäpli-de, kök ýygnaýjylar buýan köküniň senagatda ulanylmaýan, ýöne pyntyk ýaryp, täzeden ösüp ýetişmäge ukyply bolan, «garabaş» diýlip atlandyrylýan bölegini kesip, täzeden ekip gidýärler. Olar bolsa bäş ýyldan hasyla durýar. Şeýlelikde, derýanyň kenary bilen döwlet gaçysynyň arasyndaky oba hojalyk ekinleriniň ekilmeýän jeňňelliginden sürlen şüdügärden her bir işçi aýda ortaça 20 — 30 tonna golaý buýan köküni ýygnaýar.


08.06.2026 17:39
1.8k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......